Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomaty Josep Borrell Ukrainanyň günbatar ýaranlaryna bu ýurduň özüne berlen ýaraglary ulanmagyna girizilen çäklendirmeleri ýatyrmak üçin edýän dowamly basyşyny artdyryp, Kiýewiň özüne hüjüm edilýän ýerleri nyşana almaga hukugynyň bardygyny aýtdy.
Brýusselde, Bileleşigiň goranmak ministrleriniň resmi däl ýygnagynyň ikinji gününde, 30-njy awgustda eden çykyşynda Borrell Russiýanyň çäginiň nyşana alynmagyna rugsat bermegiň göni Moskwa garşy uruşmak diýmekdigi barada aýdylýanlary “manysyz” diýip atlandyrdy.
"Hiç kim Russiýa bilen uruşmak islänok" diýip, ol sözüni dowam etdirdi.
"Ýöne siz özüňizi ukrainalylaryň ýagdaýynda, olaryň köwşünde goýup görüň: Ruslar sizi siziň baryp bilmejek ýeriňizden bombalaýarlar. Siz deňeçer ýagdaýda söweşmek isleýärsiňiz" diýip, Borrell Ukrainanyň bu mümkinçilige eýe bolmagy üçin Russiýanyň öz hüjümlerini başlaýan, amala aşyrýan ýerlerine zarba urmaga ukyply bolmalydygyny aýtdy.
Ukrain resmileri, şol sanda prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň global ýaranlaryny birnäçe gezek "aýgytly çäre görmäge", Ukrainanyň Günbataryň beren ýaraglaryny ulanyp, Russiýanyň has içindäki harby nyşanalara hüjüm etmegine rugsat berilmegine çagyrdy.
Ukraina şu aýyň başynda Russiýanyň çägine çozup girdi we Zelenski Russiýanyň "öz edenini özünde duýmalydygyny" aýtdy. Russiýa bu hüjüme soňky günlerde Ukrainanyň şäherlerine we möhüm raýat infrastrukturasyna gönükdirilen iň bir gazaply görnüşdäki raketa we pilotsyz uçar hüjümleri bilen jogap berdi.
Ukrain resmileri söweş mümkinçiligini ýokarlandyrýan täze ýaraglaryň iberilendigine garamazdan, ýurduň ýaragly güýçleriniň henizem oňaýsyz ýagdaýda galýandygyny, sebäbi Günbatar çäklendirmeleriniň Ukrainany özüne berlen uzak aralyk ýaraglaryny Russiýanyň has töründäki nyşanalara zarba urmakda ulanmakdan saklaýandygyny aýdýarlar.
"Ýewropa üçin uzak möhletli howpsuzlyk Ukraina üçin kabul edilen gysga möhletli we batyrgaý kararlardan başlanýar" diýip, daşary işler ministri Dmytro Kuleba ÝB-niň daşary işler ministrleriniň ýygnagyndan öň, 29-njy awgustda Brýusseldäki žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 29-njy awgustda Günbatar tarapyndan berlen F-16 uçarlarnyň biriniň Russiýanyň raketa we pilotsyz uçar hüjümlerine gaýtawul berýän wagtynda heläkçilige uçrandygyny tassyk etdi.
Brýusseldäki gepleşikler rus güýçleriniň Ukrainanyň gündogar Donetsk sebitindäki strategiki şäheri, Pokrowskini basyp almak üçin edýän hüjümleriniň çäginde “iki sany esasy taktiki operasiýasyny” geçirýän wagtyna gabat geldi diýip, Uruşlary öwrenýän institut (ISW) 29-njy awgustda aýtdy.
Olaryň birinjisi, şäheriň etegine aralaşmak maksady bilen, Pokrowskiň gündogaryndaky Nowohrodiwka-Hrodiwka liniýasynyň boýunda geçirilse, ikinjisi, "Ukrainanyň garşylykly hüjümlerine garşy gowuşgunsyzlyklary aradan aýyrmak" maksady bilen, günorta-gündogardaky Selydow-Ukraýinsk-Hirnyk liniýasynyň ugrunda geçirilýär.
Rus harbylary bu operasiýalara "Pokrowskiň özüne garşy edilýän hüjüm tagallalaryny tijendirmegiň" açary hökmünde garaýarlar diýip, Uruşlary öwrenýän institut ýazýar.