Britaniýa Russiýanyň altyn, nebit pudaklaryna täze sanksiýalary girizdi

Illýustrasiýa suraty

8-nji noýabrda Britaniýa Russiýanyň altyn we nebit pudaklary bilen ilteşikli 29 şahsa we gurama garşy sanksiýalary girizdi. Bu Kremliň Ukrainadaky alyp barýan urşuny maliýeleşdirmek mümkinçiliklerini nyşana alýar.

Gadagançylyga düşenleriň arasynda düýbi Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän ulgam hem bolup, Britaniýa onuň Russiýa altyndan 300 million dollar töweregi girdeji almaga ýardam edendigini aýdýar.

Sanksiýalara ýene-de Russiýanyň iň iri iki sany altyn öndüriji kärhanasy, ýagny Nord Gold Plc we Highland Gold Mining Ltd, şeýle-de Wladislaw Swiblow we Konstantin Strukow ýaly oligarhlar girdi.

Britaniýa munuň bilen Russiýa garşy girizilen sanksiýalardan sowa geçmäge ýardam berýän şahslaryň we guramalaryň öňüni almak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.