Çeşmeler: Täjik häkimiýetleri Owganystanyň onlarça “ýaragly” raýatyny tussag etdi

Täjik-owgan serhedi

Täjigistanyň hukuk goraýjy we howpsuzlyk güýçleri ýurduň günortasyndaky Hatlon sebitinde Owganystanyň onlarça ýaragly raýatyny, şol sanda öňki harby işgärleri tussag etdi diýip, hökümet edaralaryndaky çeşmeler 8-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna habar berdiler.

Efirde adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürleşen täjik resmileriniň biri tussag edilen owgan raýatlarynyň Duşenbä geçirilendigini aýtdy. Berk gözegçilikde saklanylýan öňki sowet respublikasynyň häkimiýetleri bu habary häzire çenli ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

"Talyban" 2021-nji ýylda Owganystany ele geçireninden soň, ýüzlerçe owgan raýaty goňşy Täjigistan we Özbegistan arkaly beýleki ýurtlara gaçdy.