CPJ gyrgyz kanun çykaryjylaryny 'Daşary ýurt agentleri' kanunyny ret etmäge çagyrýar

Bişkek. Protestçiler “daşary ýurt agentleri” kanunlarynyň kabul edilmegine garşylyk bildirýär. Arhiw suraty

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän žurnalizm gözegçiligi guramasy Gyrgyzystanyň parlamentini Russiýanyň repressiw “daşary ýurt agentleri” kanunlarynyň nusgasynda taýýarlanan gapma-garşylykly kanun taslamasyny kabul etmezlige çagyrdy.

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) 25-nji oktýabrda bu kanunçylygyň, Russiýada bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurdunda-da girdeji üçin işlemeýän guramalaryň ýapylmagyna getirip biljekdigini öňe sürdi.

Gyrgyzystanyň kanun çykaryjy organy biraz öň, daşary ýurtdan maliýe kömegini alýan jemgyýetçilik gurmalarynyň “daşary ýurt wekilleri” hökmünde hasaba alynmagyny talap edýän kanun taslamasyny özüniň üç okalyşynyň ilkinjisinde kabul etdi.

Hökümetden aýry jemgyýetçilik guramalarynyň 120 çemesi topary sentýabr aýynda parlamenti we Gyrgyzystanyň Ýokary geňeşini teklip edilýän kanunlary ret etmäge çagyrdy.

Toparlaryň ýazan açyk hatynda bu kanun taslamasynyň raýat jemgyýetine ýaramaz täsir edip, ýurduň ykdysadyýetine zyýan ýetirip biljekdigi aýdylýar.

Russiýa özüniň “daşary ýurt agentleri” kanunyny hökümet syýasatyny tankytlaýan raýatlaryny, şol sanda Moskwanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başlan urşuny ýazgarýanlary jezalandyrmak üçin, 2012-nji ýyldan bäri ulanyp gelýär.