2023-nji ýylyň dowamynda dünýä boýunça türmä basylan žurnalistleriň sany göz-görtele artdy diýip, Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň (CPJ) soňky ýyllyk hasabatynda aýdylýar.
18-nji ýanwarda ýaýradylan hasabatda geçen ýylyň 1-nji dekabryndaky ýagdaýlara laýyklykda, 321 žurnalistiň türmä basylandygy bellenilýär. Bu 1992-nji ýylda degişli hasap ýöredilip başlanaly bäri, ikinji iň uly görkeziji boldy.
Maglumata görä, iň köp Hytaýda žurnalistler gözenegiň aňyrysyna ýerleşdirilip, bu san 44-e deň bolupdyr. Ondan soň Mýanma (43), Belarus (28) we Russiýa gelýär.
Komitet bu görkezijileriň “hökümetleriň garaşsyz sesleri sem etmek boýunça alyp barýan tagallalaryna yşarat edýändigini” belleýär.
Hasabatda türme basylan žurnalistleriň 65%-niň “ýalan maglumat ýa-da terrorizm bilen ilteşikli” aýyplanýandygy nygtalýar.