Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň alan täze emeli hemra suratlary Orsýetiň Krymdaky harby aerodromy dron uçuryş bazasyna öwrendigini subut edýär. Biz Krymda ýaşaýan öňki ukrain esgeri bilen Kiýewiň bu desgany şu wagta çenli ýok edip bilmezliginiň sebäbi barada söhbet etdik.
Russiýa tarapyndan basylyp alnan ukrain ýarymadasynyň merkezinde ýerleşýän Gwardeýskoýe aerodromynyň hüjümçi dronlaryň uçurylýan ýerine öwrülendigi ilkinji gezek 2025-nji ýylyň martynda mälim boldy. Ukrainanyň harby resmileriniň sözlerine görä, ol häzir her gün diýen ýaly täze hüjüm üçin ulanylýar.
Desganyň 11-nji oktýabrda düşürilen suratynda hiç bir söweş uçary görünmeýär, ýöne, synçylaryň pikiriçe, dronlaryň ulanylmagy üçin zerur bolan giň, täze infrastruktura görünýär.
Sovet döwründe gurlan bazanyň özgerdilmegi Kiýewiň desgany henizem öz hüjüm dronlary we raketalary bilen näme üçin ýok edip bilmezligi baradaky soraglary döredýär.
Gwardeýskoýe aerodromynyň meýdany: 2026-njy ýylyň 11-nji oktýabry (ýokarky böleginde) we 2024-nji ýylyň iýuny.
Ukraina Russiýanyň Krymda dron saklaýan we uçurýan desgalaryna, şol sanda ýarymadanyň günorta-gündogaryndaky Çauda burnuna, şeýle-de Balaklawanyň golaýyndaky desgalara birnäçe gezek hüjüm etdi (habarlara görä, urlan zarba netijesinde desga hatardan çykdy). Ukrain dronlary Gwardeýskoýe hem hüjüm etdi, ýöne ýetirilen zyýan az bolup çykdy.
Krymly ýaşaýjy we ukrain goşunynyň öňki ofiseri, adyny aýtmazlyk şerti bilen, Gwardeýskoýedäki giň dron bazasynyň ukrain dronlary bilen näme üçin hatardan çykarylyp bilinmändigi baradaky pikirlerini Azatlyk Radiosynyň Krym gullugyna aýtdy.
"Meniň pikirimçe, esasy sebäp, ol ýerdäki dron işi infrastrukturasynyň aerodromyň dürli böleklerine ýaýradylan görnüşde gurulmagydyr" diýip, ol aýtdy. "Uçuryş meýdançasy bir künjekde, tehniki hyzmat zolagy başga bir künjekde, ammarlar bolsa üçünji bir künjekde ýerleşýär."
"Bularyň hemmesi aňsatlyk bilen dikeldilip bilinýän örän ýönekeý infrastruktura bolup; mundan başga, desgalaryň käbiri açyk meýdanda ýerleşýär" diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.
AÝ/AR-nyň 11-nji oktýabrda alan hemra suratynda (ýokardaka serediň) howa bazasynyň günorta-günbatar bölegindäki açyk meýdanda birnäçe metr aralykda ýerleşýän onlarça näbelli desga görünýär.
Gwardeýskoýe howa bazasy, 2012 ý.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň öňki ofiseri Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu aerodromdan uçurylan hüjümçi dronlaryň köpçülikleýin saklanýan ýeriniň awiasiýa ok-därileri üçin gurlan ýerasty ammarda ýerleşýän bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Bu ammar sowet döwründe, bazadan takmynan 15 kilometr uzaklykda gurlupdyr.
"Şahed” raketalarynyň hut şol ýerde gizlenip saklanylýan bolmagy gaty mümkin" diýip, ol bu hili berkidilen ammaryň içine girmegiň "hatda ukrain raketalary bilen hem mümkin bolmajakdygyny" belledi.
Gwardeýskoýeniň ukrain harbylary üçin kyn nyşana öwrülmeginiň ýene bir sebäbi bolsa, onuň Krymyň merkezinde ýerleşmegi bilen bagly. Ýarymada häzir, howa hüjüminden goranyş ulgamlary arkaly, gaty berk goralýar.
Deňiz tarapdan ýakynlaşyp bolýan kenarýaka uçuryş meýdançalaryndan tapawutlylykda, Gwardeýskini nyşana alan ukrain dronlary "gury ýerde takmynan 100 kilometr aralygy uçmaly bolýar, bu bolsa olaryň öňüniň baglanmak ähtimallygyny ep-esli artdyrýar" diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň öňki ofiseri belledi.
Gwardeýsk bir zamanlar deňiz awiasiýasynyň desgasy boldy - ilki Sowet, soňra ukrain desgasy boldy.
Krym anneksiýa edileninden soň, bu desga Russiýanyň Aerokosmik güýçleriniň gözegçiligine geçdi. Baza dron operasiýalary merkezine öwrülmezinden öň, onda Su-24M bombaçy uçarlary we Su-25SM hüjümçi uçarlary ýerleşýärdi.