Daşkentde howanyň hapalygy kadadan 14,5 esse ýokary boldy

Bezeg suraty

12-nji fewralda sagat 11: 00-da Özbegistanyň paýtagtynda zyýanly PM2,5 galyndylarynyň jemlenmesi Bütindünýä saglyk guramasynyň howanyň hili babatynda maslahat berýän derejesiniň ortaça ýyllyk ölçeglerinden 14,5 esse ýokary boldy.

IQAir portalynyň howasy iň köp hapalanan esasy şäher reýtinginde görkezilmegine görä, bu gezek Daşkentdäki gözegçilik stansiýasy 160 AQI netijesini görkezdi.

Birinji gün irden sagat 09: 00-da stansiýa AQI 164 görkezijisini ýazga aldy, bu PM2,5 konsentrasiýasynyň BSG-niň maslahat berýän çäginden 16 esse ýokary bolandygyny aňladýar.

Häzirki wagtda Daşkent dünýäniň iň hapa howaly şäherleriniň arasynda 11-nji ýerde durýar.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, bu sanawda Owganystanyň paýtagty Kabul 9-njy ýerde, Gazagystanyň paýtagty Astana 34-nji ýerde, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek 48-nji ýerde durýar.

Ýerli metbugatyň maglumatlyna görä, daşky gurşaw meselesini çözmek üçin görülýän çäreleriň arasynda, Özbegistanda howany hapalaýan kärhanalaryň töwereginde “ýaşyl guşak” döretmek nazarda tutulýar.