Dawosda Parahatçylyk geňeşiniň düzgünnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (ç) Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynyň ýyllyk duşuşygynda "Parahatçylyk geňeşi" mejlisinde çykyş edýär. 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwary

Dawosda 22-nji ýanwarda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň başlangyjy bilen döredilen halkara guramanyň, Parahatçylyk geňeşiniň düzgünnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Oňa Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Indoneziýanyň, Wengriýanyň we Trampyň Parahatçylyk geňeşine goşulmak baradaky çakylygyny kabul eden beýleki birnäçe ýurduň liderleri gatnaşdylar.

Geňeşe goşulmaga razylygyny bildiren birnäçe lider, şol sanda Aleksandr Lukaşenko dabarda görünmedi.

Beýleki ýurtlaryň birnäçesi dabarada aşaky derejelerde wekilçilik etdi.

Dabarada jemi 18 döwletiň wekili düzgünnama gol çekdi. Trampyň özi geňeşiň başlygy boldy.

Tramp dabarada eden çykyşynda öz administrasiýasynyň konfliktleri çözmekdäki üstünliklerini ýene-de bir gezek nygtap, Ukrainadaky urşuň tiz wagtda tamamlanmagyna bil baglaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol täze guramanyň BMG bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini aýtdy, Palestinanyň radikal HAMAS toparynyň (ABŞ we ÝB tarapyndan terrorçy topar diýlip yglan edilen) ýaragsyzlandyrylmagyna çagyrdy we Gaza zolagynyň täzeden guruljakdygyny yglan etdi.