Demirgazyk Koreýa günbatar kenaryndan ganatly raketalary atdy – Seul

Demirgazyk Koreýa “strategiki” raketalaryň synaglaryny geçirendigini aýtdy.

2-nji fewralda Demirgazyk Koreýa özüniň günbatar kenaryndan birnäçe ganatly raketany atdy diýip, Günorta Koreýanyň harbylary mälim etdi. Bu soňky diňe bir hepdäniň içinde Phenýanyň bu görnüşli raketalary dördünji gezek howa goýbermegi boldy.

Günorta Koreýanyň harbylary, raketalaryň ýerli wagt bilen ir sagat 11-lerde atylandygyny aýtdy, emma başga goşmaça maglumat bermedi.

Demirgazyk Koreýa geçen hepdeden bäri “strategiki” diýip häsiýetlendiren raketalaryň synaglaryny geçirýändigini aýdyp, bularyň ýadro ýaraglaryny daşamaga hem ukyplydygyny ýaňzadýar.

Şu hepdäniň başynda, ýerli döwlet media ýurduň suwasty gämiden atylýan täze raketalaryň synaglaryny hem amala aşyrandygyny habar berdi.