Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim 40 ýaşady, belki

Kimiň çaklanylýan doglan senesi ýurduň mediasynda we kalendarlarynda agzalmaýar.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unuň 8-nji ýanwarda 40 ýaşyny doldurandygy çaklanylýar. Emma ýurduň döwlet mediasy onuň doglan güni barada onlarça ýyllyk dymyşlygyny saklamagyny dowam etdirýär.

Kimiň diýdimzor režimi onuň doglan gününi hiç haçan takyklaşdyrmady.

ABŞ-nyň hökümeti Kimiň 1984-nji ýylda dogulandygyny çaklaýar.

Awtoritar döwletde Kimden ozal häkimiýet başynda bolan, onuň atasynyň we kakasynyň doglan günleri milli baýramçylyk hökmünde bellenilýär.

Kimiň çaklanylýan doglan senesi ýurduň mediasynda we kalendarlarynda agzalmaýar.