Demokrat dalaşgär Maýamide şäher häkimi wezipesine geçirilen saýlawlarda 28 ýylda ilkinji gezek ýeňiş gazandy. Deslapky netijelere görä, 61 ýaşly Eýlin Higgins ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan açyk goldanylan respublikan dalaşgär Emilio Gonsalesi tas 20 göterim tapawut bilen ýeňmegi başardy.
Demokratik partiýanyň wekiliniň ilatynyň aglaba bölegi Kubadan, Wenesueladan, Nikaraguadan we beýleki Latyn Amerikasy ýurtlaryndan gelen konserwatiw pikirli adamlardan we olaryň nesillerinden ybarat bolan şäherde ýeňiş gazanmagy synçylar tarapyndan Respublikan partiýa berlen duýduryş hökmünde kabul edildi.
Higgins saýlawdan öňki kompaniýasynda Donald Trampyň immigrasiýa syýasatyny tankytlamaga ýykgyn etdi.
"Biz resmileriň, hususan-da immigrantlar babatyndaky adamkärçiliksiz çykyşlary bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Maýami ýaşaýjylary muny ret etmäge taýýar boldy" diýip, Eýlin Higgins "Associated Press" agentligine aýtdy.
Şeýle-de, ol ABŞ-nyň ýaşamak üçin iň gymmat bolan şäherleriniň birinde elýeterli ýaşaýyş jaýlarynyň giň möçberli gurluşygyny başlatmak wadasyny berýär.