ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 28-nji ýanwarda eýran hökümetinden Eýranyň ýadro programmasyndan ýüz öwürmegi baradaky ylalaşyga getirýän gepleşiklere başlamagyny talap etdi.
Tramp öz "Truth Social" sahypasynda, eger bu talap ýerine ýetirilmese, ABŞ-nyň Eýrana garşy urjak täze zarbalarynyň geçen tomusda urlan zarbalardan "has erbet" boljakdygyny duýdurdy.
Bu duýduryş onlarça söweş uçaryny daşaýan gämileriň toparynyň, USS Abraham Linkoln gämisiniň ýolbaşçylygynda Ýakyn Gündogara gelmegi bilen baglanyşykly boldy.
Prezident Tramp Eýranyň golaýyndaky güýçleriň köpeldilmegi bilen Karib deňzinde döredilen harby-deňiz toparynyň arasyndaky meňzeşliklere ünsi çekdi, bu toparyň gämileri Nikolas Madurony ele salmak üçin geçirilen operasiýa mahalynda ulanyldy.
CNN-niň Ak Tamdaky çeşmelerine salgylanyp habar bermegine görä, prezident Tramp Eýranyň ýadro programmasyny we ballistik raketa önümçiligini çäklendirmek boýunça eýran resmileri bilen edilen deslapky maslahatlaryň netijesiz tamamlanmagy sebäpli, Eýrandaky nyşanalara giň möçberli howa zarbasyny urmak mümkinçiligini nazarda tutýar.