Dönüklikde aýyplanan kanun çykaryjy deslapky tussaghanada saklanmaly edildi

Adahan Madumarowyň tarapdarlary onuň boşadylmagyny talap edýärler.

Bişkek şäher kazyýeti 13-nji sentýabrda Gyrgyzystanyň oppozisiýa kanun çykaryjysy Adahan Madumarowyň dönüklikde aýyplanyp, deslapky tussaghanada saklanmagyndan eden şikaýatyny ret etdi.

58 ýaşly Madumarow sentýabryň başynda, 2009-njy ýylda ýurduň Howpsuzlyk geňeşine ýolbaşçylyk edýän wagtynda Gyrgyz-Täjik serhet şertnamasyna gol çekendigi sebäpli tussag edildi.

Parlament komissiýasy iýun aýynda, prezident Sadyr Žaparow bu şertnamada Gyrgyzystanyň bähbitleriniň gözden salnandygyny tankytlanyndan soň, iki goňşynyň arasynda baglaşylan serhet şertnamasy boýunça derňewiň başlanmagyny tassyk etdi.

Oppozisiýadaky “Butun Gyrgyzystan” (Birleşen Gyrgyzystan) partiýasynyň lideri Madumarow bu göçümiň syýasy sebäpli bolandygyny we özüniň häkimiýetleri tankyt edendigi üçin jezalandyrylandygyny aýtdy.

Degişli maglumat Gyrgyz oppozisiýasy ýolbaşçysynyň tussag edilmegine garşy durar