Döwlet dumasynyň başlygy Russiýadan 770,000 migrantyň gitmelidigini aýtdy

Döwlet dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin 770,000 migrantyň Russiýadan gitmelidigini aýtdy. Onuň szölerine görä, "Gözegçilik astyndakylar" hökmünde görkezilenler üçin ýurtda galmagyň möhleti sentýabr aýynda gutarýar, indi olar gitmeli.

"Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, 1-nji sentýabrda 770,000 migrant gözegçilik edilýän adamlaryň sanawyna girizildi, olaryň üçden bir bölegi aýallar we çagalar. Olar üçin täze migrasiýa düzgüni - deportasiýa güýje girdi" diýip, ol aýtdy.

Deportasiýa düzgüni adamlara sürüjilik şahadatnamasyny, ulag dolandyrmagy, awtoulag ýa-da gozgalmaýan emläk satyn almagy ýa-da satmagy, öýlenmegi, bank hasaplaryny açmagy, pul geçirmegi ýa-da bankda pul saklamak işini gadagan edýär.

Wolodin 2025-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda immigrasiýa kanunlaryny bozan takmynan 35,000 daşary ýurt raýatynyň deportasiýa edilendigini habar berdi.