Dubaýda saklanan özbek raýatyndan $200 müň talap edildi

Bezeg suraty

Dubaýda bir jenaýat topary Özbegistanyň bir raýatyny tutup saklady we onuň 200 müň dollar tölemegini talap etdi. Diýilýän puly tölemese, onuň öldüriljekdigi aýdyldy.

Garyndaşlary Özbegistanyň baş konsullygyna ýüz tutanlaryndan soň, tutulyp saklanan erkek boşadyldy diýip, “Dunýo” habar gullugy ýurduň DIM-ine salgylanyp habar berýär.

Ýesir alnan erkek baş konsullygyň we BAE-niň hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren operasiýalary netijesinde azat edildi diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, Dubaýdaky jenaýat toparyna garşy derňew işleriniň başlanandygy aýdylýar.