Trump, Klinton deslapky saýlawlarda ýeňiş gazandy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Häzirki netijeleriň görkezmegine görä, 2016-njy ýylyň saýlaw kampaniýasynda ses berişlik üçin iň möhüm gün hasaplanýan "super sişenbede" deslapky saýlawlarda ýeňiş gazananlar respublikanlardan Donald Trump, demokratlardan hem Hillary Klinton. "CNN", "Fox News" we beýleki telekanallaryň bildirmegine görä, Trump bilen Klinton Amerikanyň on iki ştatynyň ýedisinde sesleriň köplügini alyp, beýlekilerden üstün çykdylar.