Ukraina, Russiýanyň ukrain energetika infrastrukturasyny nyşana almagy sebäpli ýüze çykan ýetmezçiligiň öwezini dolmak üçin rekord mukdarda energiýa importyny dowam etdirýär.
Ukrainanyň elektrik ulgamy operatory “Ukrenerho” 14-nji iýunda 31,904 megawat sagat (MWt) energiýa import etjekdigini aýtdy. Bu görkeziji, şu hepdäniň başynda goýlan 29,796 megawat sagada (MWt) barabar bolan öňki rekordy täzeledi.
Bu habar, ukrain hökümeti G7 ýurtlarynyň Ukrainanyň energiýa pudagyny goldamak üçin 1 milliard dollardan gowrak serişde bermäge razy bolandygyny aýdanyndan bir gün soň yglan edildi.
Russiýa mart aýyndan bäri Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna raketa we pilotsyz uçar hüjümlerini güýçlendirdi. Bu, Ukrainanyň köp sebitinde elektrigiň ýygy-ýygydan kesilmegine sebäp boldy.