Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan ýurda sapar edýän Azerbaýjanyň liderine Ermenistan bilen serhetde täze dartgynlylyklardan gaça durmaga we uzak wagt dowam etjek parahatçylygy ornaşdyrmaga çagyrdy. Erdogan bu barada 19-njy fewralda çykyş etdi.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolzyň araçylyk etmeginde, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Ankara geldi. Türkiýe dünýä arenasynda Azerbaýjanyň hem diplomatiki, hem-de harby taýdan iň möhüm goldawçysy bolup dur.
Mýunhende geçirilen gepleşikleriň öň ýany, Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde adam pidaly atyşyk bolup, Ýerewan hadysada dört ermeni esgeriniň öldürilendigini aýtdy.