Erdogan, Baýden telefonda gürleşdi, Şwesiýanyň NATO meselesi, Ukraina maslahatlaşyldy

Arhiw suraty. Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen telefonda gürleşdi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen telefonda gürleşip, Şwesiýanyň NATO meselesini ara alyp maslahatlaşdy diýip, Türkiýäniň prezident edarasy 9-njy iýulda habar berdi.

Erdogan Baýdene, Şwesiýanyň terrorçylyga garşy kabul edilen kanunyny nazara alyp, Stokgolmyň Ankaranyň bu ýurduň NATO agza bolmagyny goldamagy üçin dogry ugurda ädim ädendigini, ýöne bu çärelreriň ýeterlik peýda bermändigini, Kürdüstan Işçiler Partiýasynyň (PKK) tarapdarlarynyň Şwesiýadaky demonstrasiýalary dowam etdirýändigini aýtdy.

Şeýle-de, iki lider F-16 söweş uçarlarynyň iberilmegi we Ukrainanyň NATO-daky statusy barada pikir alyşdy, olar 11-12-nji iýulda Litwada geçiriljek NATO sammitinde ýüzbe-ýüz duşuşar diýip, prezident edarasy aýtdy. Soňra Ak tam bu telefon söhbetdeşliginiň bolandygyny tassyk etdi.