Ermenistan Nahçiwanda azerbaýjan goşunlaryna hüjüm etmändigini aýdýar

Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda serhetde ok atyşygy bes etmek barada ýaraşyk ylalaşygy bar. (Arhiw suraty)

14-nji iýunda Ermenistanyň harbylary Azerbaýjanyň ermeni güýçleriniň Bakuwyň Nahçiwan anklawynda azerbaýjan goşunlaryna ot açandygy baradaky öňe sürmesini ret etdi.

Bir gün öň Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni goşunlaryny Şarur sebitiniň Kawuş obasyndaky, Ordubad sebitiniň Nurgut obasyndaky we Şahbuz sebitiniň Guneý Gyşlag obasyndaky azerbaýjan pozisiýalaryny nyşana almakda aýyplady.

Baku bulara gaýtawul berendigini aýtdy.

Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda serhetde ok atyşygy bes etmek barada ýaraşyk ylalaşygy bar we iki ýurt parahatçylyk şertnamasy hakynda gepleşik geçirýär.