Ermenistan serhetde dört esgeriniň öldürilendigini aýdýar; Baku ‘öç alandygyny’ öňe sürýär

Arhiw suraty

Ermenistanyň Goranmak ministrligi Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň 13-nji fewral güni irden, iki ýurduň serhediniň günorta böleginde bolan atyşyk hadysasynda dört ermeni esgerini öldürip, ýene bir esgeri ýaralandygyny aýtdy.

Ministrlik 13-nji fewralda aýry-aýrylykda çap eden iki beýanatynda Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň ir sagat 5:30-da ermeni harbylarynyň Syunik welaýatynyň Nerkin Hand obasynyň ugrunda ýerleşýän pozisiýalaryna garşy ot açyp, iki esgeri öldürendigini aýtdy. Soňra ölenleriň sanynyň dörde ýetendigi, bir esgeriň ýaralanandygy habar berildi.

"Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň bölümleri ermenileriň Nerkin Hand obasynyň golaýyndaky söweş nokatlaryna kiçi ýaraglardan ot açdy" diýip, ministrlik aýtdy.

Ermeni häkimiýetleri şol wagt başga jikme-jiklikleri habar bermediler, ýöne Nerkin Hand şäheriniň häkimi Haçatur Bagdasarian Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugyna obadaky ýagdaýyň dartgynlydygyny aýtdy.

Muňa jogap edip, Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugy 13-nji fewralda beýanat çap edip, Azerbaýjan güýçleriniň Ermenistanyň serhet postuny "ar alyş operasiýasy" wagtynda “doly ýok edendigini” aýtdy.

Baku mundan öň, 12-nji fewralda ermeni goşunlaryny Azerbaýjanyň Zangelan etrabyndaky pozisiýalaryna tarap ot açmakda we bir azeri serhetçisini ýaralamakda aýyplady.

Ermenistan bu aýyplamany 'nädogry maglumat' hökmünde inkär etdi.

Iki kawkaz ýurdunyň araçäginde ýüze çykan soňky gapma-garşylyk Azerbaýjan geçen güýzde, 19-20-nji sentýabrda 24 sagat dowam eden harby hüjümde bölünip aýrylan Dagly-Garabag sebitiniň gözegçiligini gaýtadan ele alaly bäri bolan ilkinji atyşyk hadysasy boldy.

Azerbaýjan Dagly-Garabagy ele geçireninden soň, 100,000-den gowrak etniki ermeni bu sebiti terk etdi we olaryň ýaşan ýerleri tasdan çolaryp galdy.

Iki aýdan gowrak wagt bäri hiç bir tarap serhediň beýleki tarapyndan ok atylandygyny aýtmandy.

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň ýokary derejeli resmileri geçen aýyň aýagynda iki goňşynyň arasyndaky serhet çäkleriniň kesgitlenmegi barada göni gepleşik geçirdi. Bu mesele iki ýurduň arasynda giň gerimli parahatçylyk şertnamasyny baglaşmagyň esasy päsgelçiligi hasaplanylýar.

Ermenistan bilen Azerbaýjan özleriniň iki ýurduň arasynda dörän onlarça ýyllyk duşmançylygy soňlajak parahatçylyk şertnamasyna gol çekmäge taýýardyklaryny aýtdylar, ýöne olaryň ikisi hem birek-biregi bu ylalaşygyň gazanylmagyna aýakbagy bolmakda aýyplady.