Russiýa gelýän on ýylda Günbatar bilen harby çaknyşyga taýýarlanýar we munuň öňi garşy durup biljek ýaragly güýçleriň döredilmegi bilen alnyp bilner diýip, Estoniýanyň Daşary aňtaw gullugy 13-nji fewralda aýtdy.
Barha köp günbatar resmisi Russiýanyň NATO-nyň gündogar çägindäki ýurtlara harby wehim salýandygyny duýdurdy we Ýewropany gaýtadan ýaraglanmaga taýýarlanmaga çagyrdy.
Aňtaw gullugynyň başlygy Kaupo Rosin bu gelnen netijäniň Russiýanyň NATO agzalary bolan Finlandiýa we Baltika döwletleri, Estoniýa, Litwa we Latwiýa bilen serhet ýakasynda ýerleşýän güýçleriniň sanyny iki esse artdyrmak meýilnamasyna esaslanandygyny aýtdy.