Eýran çörek subsidiýasyny 'ýuwaşdan' azaldýar, hatda berk syýasatyň tarapdarlary hem närazy bolýar

Eýranly çörekçi Tähranda "barbari" diýlip atlandyrylýan milli çöregi taýýarlaýar. (arhiw suraty)

Eýran häkimiýetleri hojalyklaryň satyn alyp biljek çöreginiň sany boýunça subsidiýany çäklendirip başladylar, bu azyndan üç welaýata täsir etdi. Aýlyk kwotasy gutarandan soň, alyjylar çöregi bäş ýarym esse ýokary nyrhdan satyn almaly bolarlar.

Resmiler ýagdaý barada biri-birine gapma-garşy maglumatlary berýärler, bu ädim ykdysatçylaryň, hatda hökümete ýakyn, berk garaýyşly metbugatyň hem tankydyna sezewar boldy.

Eýranyň metbugatynyň 18-nji noýabrda habar bermegine görä, Içeri işler ministrliginiň "çörek satyn alşyny dolandyrmak" atly meýilnamasy Markazi, Huzestan we Zenjan welaýatlaryndaky çörekhanalarda, töleg kartlaryny okaýan enjamlary oturtmak arkaly işe girizilipdir. Bu barada köpçülige hiç hili habar berilmändir, hatda çörek bişirýänler hem müşderiler öňünden habarly edilmändir.

Meýilnama laýyklykda, her bir adama aýda takmynan 8 kilogram subsidirlenen (döwlet tarapyndan maliýe goldawy berlen) un bölünip berilýär. Munuň her kilogramy 23 000 rial (1 ABŞ sentinden hem az) bahalanýar. Bu mukdardan artyk çörek üçin bolsa, erkin bazardaky bahadan — 126 500 rial (takmynan 5 sent) tölenmeli bolýar. Dollar hasabynda bu sanlar kiçi görünýär, sebäbi Eýran pulunyň hümmeti düýpgöter pese gaçdy, erkin bazarda bir dollar takmynan 2,7 million riala deň, iň pes zähmet haky bolsa aýda 166 million töweregi rial bolup, bu hem takmynan 61 dollara barabardyr.

Degişli maglumat

Eýranlylar urşuň ykdysady zyýany artýan mahaly gündelik çörekleri üçin göreşýärler

Metbugat serişdeleri bu täze düzgüni nädip atlandyrmalydygy barada bir pikire gelip bilmeýärler. Käbirleri muny "norma boýunça paýlamak" diýip atlandyrýar, beýlekiler bolsa bu sözi ret edýärler.

'Garyplygyň alamatlaryndan biri'

Iň berk tankytlaryň käbiri hatda häkimiýet gurluşynyň içinden gelip çykýar.

Baş redaktory ýokary lider tarapyndan bellenilýän, berk garaýyşly "Keýhan" gazetiniň 16-njy noýabrda ýazmagyna görä, prezident Mesud Pazeşkianyň hökümeti "çöregi norma boýunça paýlamagy gizlin we şübheli ýagdaýda" amala aşyrdy. Gazet munuň adamlaryň çörekhanalara howlukmagyna sebäp bolandygyny öňe sürdi.

Reformator garaýyşly "Şark" gazeti hem hökümetiň bu meýilnamany "sessiz-üýnsüz" durmuşa geçirendigini tankyt etdi.

Konserwatiw "Tabnak" web sahypasy bolsa, çörege islegiň artmagyndan şikaýat eden resmilere jogap berip, "çöregi köp iýmegiň hyýanatçylygyň däl-de, eýsem garyplygyň alamatydygyny" belledi. Şeýle hem, girdejisi az maşgalalaryň başga iýmitleri satyn almaga güýji ýetmedik wagty, esasan çörek bilen gün görýändikleri nygtaldy.

18-nji noýabrda çykyş eden Pazeşkian, arzan energiýa serişdeleriniň we esasy azyk önümleriniň köp mukdarda sarp edilmegi bilen bagly hyýanatçylyklaryň bardygyny öňe sürüp, gözegçiligiň güýçlendirilmegini gorap çykyş etdi. Onuň mysallarynyň arasynda bir günde ýangyç guýujy stansiýalarynda ýangyjyň gaýtalap satyn alynmagy, kripto pul gazyjylarynyň subsidiýa edilen energiýa bilen işlemegi we "aýda 18 tonna çenli subsidiýa edilen çörek satyn alan" şahslar barada aýdyldy.

Şwesiýada ýaşaýan eýranly ykdysatçy Ahmad Alawi Azatlygyň Farda Radiosyna çörek çäklendirmeleriniň öň bolan nusgada alnyp barylýandygyny aýtdy. Eýranyň deňiz, gury ýer we howa blokadasy hökmünde häsiýetlendiren şertlerde nebit we eksport girdejileri azalýar we ykdysady çökgünlik salgytlary ýokarlandyrmaga mümkinçilik bermeýär.

Degişli maglumat

Her gün "garybrak oýanýarys": Eýranlylar ykdysady kynçylyklar bilen göreşýär

"Ilki bilen harytlar paýlanýar, soňra paý azaldylýar we sarp ediji erkin bazara iberilýär" diýip, Alawi aýtdy. "Boşadylan serişdeler häkimiýetiň ileri tutýan ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gidýär". Ol bu ileri tutýan ugurlary ýurduň Birleşen Ştatlar bilen urşy, sebitleýin ygtyýarlyklar we içerki howpsuzlyk güýçleri hökmünde sanap geçdi.

Ol adam başyna deňleşdirilen kwotanyň eýran hojalyklarynyň arasyndaky tapawutlary hasaba almaýandygyny aýtdy. Bu sowet stilindäki merkezi planlaşdyryşyň şowsuzlyklaryny gaýtalaýar we "ters paýlama" diýlip atlandyrylýan ýagdaýy döredýär, ýagny subsidiýa mätäç bolmadyk adamlar ony alýarlar, mätäç bolanlar bolsa zyýan çekýärler. Ol 2010-njy ýyldan bäri berilýän pul kömeginiň hem şol bir ýol bilen paýlanýandygyny aýtdy.

"Çörek jemgyýetçilik baýlygydyr" diýip, Alawi aýtdy. "Her kim ony çalt we arzan bahadan alyp bilmeli we onda hiç hili kemsitme bolmaly däl".

Ol döwletiň üpjünçilik zynjyrynyň iň soňuna gözegçilik etmek kararyna gelendigini, sebäbi Eýranyň resmi däl ykdysadyýetiniň, ýagny hökümetiň gözegçiliginden daşarda amala aşyrylýan ykdysady işleriň möçberi göz öňünde tutulanda munuň iň aňsat usuldygyny belledi.

Emma Alawi uzak möhletde munuň agyr netijeleri berjekdigini: sosial kapitalyň ýitirilmegine, has çuňňur garyplyk we iýmit ýetmezçiligi döräp, döwletiň saglygy goraýyş ulgamyndaky çykdajylarynyň has artmagyna getirip biljekdigini duýdurdy.

"Bu ýerine ýetirmekde-de, pul tygşytlamakda-da netijeli däl" diýip, Alawi aýtdy.

Azatlygyň Farda Radiosyndan Roýa Karimi Majdiň we Reza Jamaliniň habary esasynda taýýarlandy