Eýran generaly bomba hüjüminiň pidalary üçin ar alnar diýdi - Döwlet mediasy

3-nji ýanwarda Kerman şäherinde guralan ýatlama çäresinde 100-e golaý adam öldürildi.

Eýranyň Yslamçy ynkylap goragçylary korpusynyň baş serkerdesi 5-nji ýanwarda, iki gün ozal "Yslam döwleti" toparynyň amala aşyran iki partlamasynda ýogalan adamlaryň jaýlaýyş çäresinde pidalar üçin ar alynjakdygyny aýtdy.

3-nji ýanwarda, 2020-nji ýylda ABŞ drony bilen Yrakda öldürilen öňki baş serkerde Kassem Suleýmaniniň Kerman şäherinde guralan ýatlama çäresinde, näbelli adamlar tarapyndan amala aşyrylan bomba partlamalarynda 100-e golaý adam öldi.

"Yslam döwleti" topary 4-nji ýanwarda öz iki agzasynyň günorta-gündogar şäherdäki gonamçylyga ýygnanan mähelläniň içine baryp, öz billerine guşanan partlaýjyly guşaklaryny partladandygyny aýtdy.