Eýran Günbataryň Ysraýyla wehim salmazlyk baradaky çagyryşlaryny ret etdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Nasser Kanani

Eýran 13-nji awgustda Günbataryň ÝB we ABŞ tarapyndan terrorçy gurama diýlip kesgitlenen palestin terror toparynyň syýasy lideri Ysmaýyl Haniýe öldürileninden soň Ysraýyldan ar almak niýetinden el çekmek baradaky çagyryşlaryny ret etdi.

Haniýe 31-nji iýulda Tähranda, prezident Masud Pezeşkianyň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmak üçin Eýranyň paýtagtyna sapara geleninden soň, şahsy janpenasy bilen bilelikde öldürildi.

Ysraýyl bu hüjümi amala aşyrandygyny ne tassyklady, ne-de ret etdi.

Hamasyň esasy goldawçysy bolan Eýran Haniýäniň öldürilmeginde Ysraýyly günäkärleýär we sebitde has ýaýrawly uruş wehimini döredip, ar aljakdygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Nasser Kanani öz beýanatynda "bu hili haýyş syýasy logikadan mahrum bolup, halkara hukugynyň ýörelgelerine we kadalaryna garşy gelýär we Ysraýyla bildirilýän jemgyýetçilik we amaly goldaw bolup görünýär" diýdi.

Bu beýanat ABŞ, Angliýa, Fransiýa, Germaniýa we Italiýa 12-nji awgustda Eýrany "Ysraýyla garşy atmagyny dowam etdirýän harby hüjüm haýbatlaryny peseltmäge" çagyranyndan soň edildi.

Şol gün Angliýanyň premýer-ministri Keir Starmer we Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz Pezeşkian bilen telefonda söhbetdeş boldy.

Starmer Pezeşkiandan Ysraýyla hüjüm etmekden saklanylmagyny sorady we urşuň hiç kimiň bähbidine däldigini aýtdy diýip, premýeriň edarasy habar berdi. Starmer Pezeşkiana Ýakyn Gündogardaky ýagdaýdan çuňňur alada galýandygyny we taraplaryň ählisini sebitdäki gapma-garşylyklary gyzdyrmakdan gaça durmaga çagyrýandygyny aýtdy.

"Bu ýerde nädogry hasap çykarmak töwekgelçiligi bardy we häzir düşüşmek we seresaplylyk bilen seretemek pursady geldi" diýip, Starmer özüniň atyşygyň haýal etmän bes edilmegine, zamun alnanlaryň ählisiniň boşadylmagyna we Gaza iberilýän ynsanperwer kömeginiň artdyrylmagyna ygrarlydygyny nygtady diýip, habarda aýdylýar.

Resmi IRNA habar gullugy Starmer bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginden soň, Eýranyň prezidentiniň aýdan sözlerine salgylanyp, onuň dünýäniň islendik ýerindäki uruş hiç kimiň bähbidine däl, ýöne döwletleriň "agressora garşy jeza çärelerini görmäge hukugy bar” diýendigini habar berdi.

German kansleri Şolz hem Pezeşkiany Ýakyn Gündogardaky harby dartgynlylygyň güýçlenmeginiň öňüni almaga çagyrdy. German hökümetiniň beýanatyna görä, Şolz Pezeşkiana "Ýakyn Gündogardaky zorluk spiralyny bozmaly" diýdi.

Birleşen Ştatlar 12-nji awgustda Eýranyň we/ýa-da onuň Ýakyn Gündogardaky proksileriniň (wekilleriniň) "şu hepdäniň başynda Ysraýyla hüjüm edip biljekdigi" baradaky aňtaw maglumatlary bilen ylalaşýandygyny aýtdy. ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça metbugat sekretary Jon Kirbi žurnalistlere prezident Jo Baýdeniň ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy günbatar ýaranlarynyň ýolbaşçylary bilen gürleşendigini aýtdy.

Günbatar diplomatlary Ýakyn Gündogarda, Gazadaky Ysraýyl-Hamas urşy sebäpli bireýýäm ýokarlanan dartgynlylygyň arasynda turmagy mümkin has uly gowganyň öňüni almak üçin elden gelen tagallalaryny etdiler.

Hamasyň saglyk işgärleriniň berýän maglumatyna görä, Ysraýylyň howa we gury ýer hüjümi Gaza zolagynda 38,900-den gowrak adamyň ölmegine sebäp boldy.

Hamas söweşijileriniň 7-nji oktýabrda serhetden geçip, günorta Ysraýylda 1200 töweregi adamy öldürmegi we 250-den gowrak adamy zamun almagy Ysraýylyň harby çäre görmegine alyp geldi.