Eýran harby ştabyň urlandygyny aýdýar, emma ABŞ öz güýçleriniň zarba urandygyny inkär edýär

9-njy iýulda ABŞ-nyň Buşehr welaýatyna zarba urandygy baradaky maglumatlaryň arasynda sebitde gämileriň ýanmagyndan tüsse çykýar.

ABŞ bilen Eýranyň arasynda özara jogap zarbalary täzeden güýçlenen mahaly, Eýranyň döwlet mediasy Buşehr şäheriniň etegindäki harby ştaba “ABŞ-Ysraýyl zarbasynyň” degendigini habar berdi. Emma amerikan resmileri şol pursat ABŞ güýçleriniň hüjüm amala aşyrýandygyny inkär etdiler.

“Biraz öň Buşehr şäheriniň etegindäki harby ştaba amerikan-sionist duşmanyň zarbasy bilen hüjüm edildi we ol nyşana degdi” diýip, Eýranyň döwlet habar agentligi IRNA Buşehr welaýatynyň häkiminiň orunbasary Ehsan Jahanianyň sözlerini getirdi.

Buşehr Eýranyň ýeke-täk atom elektrik stansiýasynyň ýerleşýän ýeridir. Häkimiýetler zarbanyň stansiýanyň daşky çägine degendigini habar berdiler, emma ABŞ resmileri bu desga zarba urlandygyny tassyklamadylar.

Eýranyň Mehr habar agentligi hem Bender-Abbas port şäherinde partlamalaryň bolandygyny habar berdi, ýöne Eýranyň döwlet telewideniýesi soňra bu habary inkär etdi.

Aýdyňsyzlyk ýagdaýlaryň arasynda, ABŞ-nyň iki resmisi amerikan harbylarynyň “häzirki wagtda zarba urmaýandygyny” aýtdy. Şeýle-de bolsa, gijäniň dowamynda ýa-da 10-njy iýulyň ir sagatlarynda zarba urmak mümkinçiliginiň bolup-bolmandygy aýdyň däldi.

9-njy iýulda Ysraýylyň goranmak ministri Israel Katz zerurlyk ýüze çyksa, ýurdunyň Eýrana garşy harby kampaniýasyny gaýtadan başlamaga we öňki zarbalardan “has-da güýçli” hereket etmäge taýýardygyny aýtdy.

“Goşun söweşleriň gaýtadan başlanmagyna, howa artykmaçlygyny yzyna almaga we Eýranda howplary ýok etmek üçin ýene zarba urmaga taýýardyr we hüşgär ýagdaýdadyr… zerur bolsa, üçünji gezek hem” diýip, Katz aýtdy.

“Eger yza dolanmaly bolsak, dolanarys — has-da kuwwatly güýç bilen” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Aýratynlykda, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň edarasy onuň 9-njy iýulda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly gepleşendigini we Trampyň Netanýahua “Aýlagdaky amerikan ädimleri” barada maglumat berendigini aýtdy.

Netanýahu hem bir çärede Eýranyň Ysraýylyň oňa garşy amala aşyran öňki iki harby kampaniýasy netijesinde gowşandygyny aýtdy, ýöne konfliktiň entek tamamlanmandygyny hem belledi.

“Eýran oky öňkülerinden has gowşak, Ysraýyl bolsa öňkülerinden has güýçli” diýip, ol aýtdy.

“Biz Ysraýyl Harby-howa güýçleriniň uzyn golunyň Ýemenden Eýrana çenli islendik ýere ýetip bilýändigini subut etdik. Emma şol bir wagtda, kampaniýanyň entek tamamlanmandygyny hem ykrar etmelidiris.”

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy (Radio Farda), Reuters we AFP maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.