Eýran howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Larijaniniň, goşun serkerdesi Soleýmaniniň öldürilendigini tassyklady

Ali Larijani (sagda) Eýranyň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary we Basijiň baş serkerdesi Golamreza Soleýmani.

Eýran häkimiýetleri ýurduň howpsuzlyk gullugynyň täsirli başlygy Ali Larijaniniň öldürilendigini tassyklady, bu 28-nji fewralda ABŞ-nyň we Ysraýylyň howa hüjümleriniň ilkinji gününde ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýi öldürileli bäri ölen iň ýokary derejeli resmi bolup durýar.

Eýranyň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretariaty 17-nji martda, giçlik ýaýradan beýanatynda Ali Larijaniniň ogly Morteza, orunbasary Alireza Baýat we birnäçe janpenasy bilen birlikde öldürilendigini aýtdy.

Larijani Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretarydy.

Geňeşiň beýanaty Ysraýylyň goranmak ministri Israel Katzyň Larijaniniň Tährana edilen howa hüjümlerinde öldürilendigini we Eýranyň beýleki ýokary derejeli resmilerini hem heläkländigini aýdanyndan 12 sagat çemesi soň ýaýradyldy.

Yslam rewolýusiýasyny goragçylar korpusy, aýratynlykda, Eýranyň harbylaşdyrylan Basiji güýçleriniň serkerdesi Golamreza Süleýmaniniň ölendigini tassyklady, ýöne jikme-jik maglumat bermedi. Ysraýylyň Goranmak Güýçleri (IDF) Süleýmani bilen Larijaniniň 16-njy martda, şol bir hüjümlerde ölendigini aýtdy.