Eýran Ysraýylyň Mossad aňtaw gullugy bilen ilteşikli dört sany “diwersanty” jezalandyryp öldürdi diýip, ýurduň adalat pudagy bilen bagly Mizan habarlar gullugy 29-njy dekabrda mälim etdi.
Maglumatda olaryň “Mossad ofiserleriniň görkezmesi esasynda ýurduň howpsuzlygyna garşy giň gerimli çäreleri geçirendigi” öňe sürülýär.
Mundan iki hepde ozal, Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugy ýurduň günorta-gündogaryndaky Sistan-Bulujystan welaýatynda Mossadyň agenti bolmakda güman edilýän bir adamyň hem jezalandyryp öldürilendigini aýtdy. Onuň şahsyýeti we bildirilýän aýyplamalaryň başga jikme-jikleri aýan edilmedi.
Eýranyň resmileri daşarky güýçleriň gatyşmagy baradaky aýyplamalary ýygy-ýygydan ulanýarlar.