Eýran “Qatar Energy” kompaniýasynyň desgalaryna zarba urdy

“Qatar Energy” kompaniýasynyň Ras Laffan şäherindäki desgalary

Eýran 18-nji mart agşamy we 19-njy mart güni irden dünýäde suwuklandyrylan tebigy gazyň iň uly eksportçylarynyň birine, “Qatar Energy” kompaniýasynyň Ras Laffan şäherindäki desgalaryna hüjüm etdi diýip, Kataryň Goranmak ministrligi habar berdi.

Ministrligiň maglumatyna görä, Eýran güýçleri senagat şäherine ballistik raketalar bilen zarba urdy.

“Qatar Energy” kompaniýasy 18-nji martda edilen raketa hüjüminiň “Pearl GTL” zawodyna “uly zyýan” ýetirendigini aýtdy. 19-njy mart güni irden suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) zawodlarynyň birnäçesine hüjüm edildi. Bu hüjümler uly ýangynlara sebäp boldy. Deslapky habarlara görä, ýaraly bolan ýok.

Eýran Katara Ysraýyl Eýranyň gaz önümçiliginiň köp böleginiň ýerleşýän ýerine, Buşehr sebitindäki Günorta Pars ýörite ykdysady zolagyna we Esalouýe şäherindäki nebit we gaz desgalaryna hüjüm edeninden soň hüjüm etdi.

Eýran häkimiýetleri bu hüjümden soň Pars aýlagyndaky energiýa desgalarynyň mundan beýläk ediljek hüjümler üçin hem "kanuny nyşana" hasaplanjakdygyny duýdurdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp "Birleşen Ştatlaryň [Günorta Pars gaz känine edilen] hüjüm barada hiç zat bilmeýändigini we Kataryň oňa hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny, beýle zadyň boljakdygyny hem bilmeýändigini" aýtdy.