Eýran Raisiniň dikuçar heläkçiliginden soň, ABŞ-dan hemaýat sorady – Döwlet departamenti

Halas edijiler dikuçaryň gaçan sebitine barýarlar

Eýran prezident Ebrahim Raisiniň dikuçary Azerbaýjan bilen serhedäki daglyk bir sebitde heläkçilige uçranyndan soň, Waşingtondan hemaýat sorady. Bu barada 20-nji maýda ABŞ-nyň Döwlet departamenti mälim etdi.

Maglumatda Birleşen Ştatlaryň, aglaba logistiki ýagdaýlar sebäpli, hemaýaty hödürläp bilmändigi bellenilýär.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mattýu Miller, žurnalistler bilen söhbetdeşliginde, Raisiniň ölümi bilen, ABŞ-nyň Eýran babatyndaky durumynyň üýtgemeýändigini sözüne goşdy.

Eýranyň hemaýat baradaky haýyşynyň nirede edilendigi aýdyň däl. Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň resmi diplomatiki gatnaşyklary ýok.