Eýran Yragyň demirgazygyna zarbalary urdy

Maglumata görä, zarbalarda parahat ilatyň arasyndan dört adam heläk bolupdyr, başga-da altysy ýaralanypdyr.

15-nji ýanwarda giçlik Eýran Yragyň demirgazygyndaky Irbil şäherine, ABŞ-nyň konsulhanasynyň golaýyndaky Ysraýylyň “içalyçylyk baş edarasy” diýip häsiýetlendiren desgasyna zarba urdy, şeýle-de Siriýanyň demirgazygynda “Yslam döwleti” ekstremistiki topar bilen ilteşikli nyşanalara raketa atdy.

Maglumata görä, zarbalarda parahat ilatyň arasyndan dört adam heläk bolupdyr, başga-da altysy ýaralanypdyr.

Eýranyň Rewolýusiýa sakçylary korpusy beýanat ýaýradyp, Ysraýylyň gizlin gullugy Mossadyň şäherdäki baş edarasyna zarba urlandygyny aýtdy.