Eýranda adam hukuklaryny goraýan tanymal aklawçy we aktiwist tussag edildi diýip, oňa ýakyn çeşmeler Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna, ýagny Radio Farda habar berdiler.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlarynyň aýdylmazlygyny soran çeşmeleriň maglumatyna görä, Amirsalar Dawudi 11-nji oktýabrda ýurduň merkezi bölegindäki Yspyhan şäherinde öz müşderisini gorap çykyş edýän wagty kazyýetde tussag edilipdir.
Oňa nähili aýyplamalaryň bildirilendigi we nirede saklanýandygy belli däl.
Dawudiniň tussag edilmegi Yslam respublikasynda başgaça pikirlenýänlere garşy basyşlaryň güýçlenýän wagtyna gabat geldi. Ýurtda häkimiýetler aklawçylary, aktiwistleri, žurnalistleri we intellektuallary türmä basýarlar.
Basyşlaryň güýçlenmegi ýanwar aýynda Eýranyň dini ýolbaşçylaryna garşy geçirilen köpçülikleýin protestlere we fewralyň ahyrynda başlanan, häzir hem dowam edýän ABŞ hem-de Ysraýyl bilen urşa gabat geldi.
Köpçülikleýin protestler
Dawudi tutuş ýurt boýunça geçirilen protestlere gatnaşandyklary üçin tussag edilen birnäçe adamyň hukuklaryny goraýar.
Olaryň arasynda protestçi Mahşad Keşani hem bar. Ol 4-nji oktýabrda jezalandyrylyp öldürilen protestçi Alireza Sepahiniň adaglysydyr.
Sepahi asylyp öldürilmezden öň, Dawudi olaryň ikisiniň hem gatnaşmazlygynda nika dabarasyny geçiripdi. Şeýle hem Dawudi öz müşderisiniň ölüm jezasyna höküm edilmegini «adalatsyz» diýip atlandyryp, Eýranyň kazyýet ulgamynyň ýolbaşçysyny göni ýaýlymda teleçekişmä çagyrdy.
Sepahi 8-nji ýanwarda Yspyhanda Eýranyň ýörite güýçleriniň dört agzasynyň öldürilmegine gatnaşandygy öňe sürlüp, günäli tapylan we ölüm jezasy ýerine ýetirilen bäş adamyň biridir.
Bu iş boýunça ýene ýedi aýyplanýana hem ölüm jezasy abanýar. Aýyplanýanlaryň köpüsiniň maşgalalary olaryň türmede gynalandygyny we boýun almaýan aýyplamalaryny boýun almaga mejbur edilendigini aýdýarlar.
Olaryň birnäçe sanysyna «moharebe», ýagny «Hudaýa garşy uruş alyp barmak», şeýle hereketlere ýardam bermek, «moharebe» derejesine barabar hasaplanýan jemgyýetçilik emlägini weýran etmek, ýygnanyşmak we dildüwşük guramak, şeýle hem Yslam respublikasyna garşy wagyz alyp barmak aýyplamalary bildirildi.
28-nji fewralda ABŞ we Ysraýyl bilen uruş başlanaly bäri, Eýranda adam hukuklaryny goraýan guramalaryň syýasy tussag hasaplaýan adamlarynyň arasynda ölüm jezasynyň ýerine ýetirilmegi has köpeldi. Olaryň arasynda protestçiler, gadagan edilen toparlara agzalykda güman edilýänler we içalyçylykda günäli tapylanlar bar.
Syýasy tussaglaryň işlerini alyp barmak bilen tanalýan Dawudi ozal hem ençeme gezek tussag edilip, türmä basylypdy.
2019-njy ýylda ol 30 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Şikaýatyna seredilenden soň, bu möhlet 15 ýyla çenli azaldyldy. Ol iki ýyldan gowrak wagt türmede saklanandan soň, girew esasynda boşadyldy.
2023-nji ýylda Dawudi Lýudowik Trarionyň adyny göterýän halkara adam hukuklary baýragyna mynasyp boldy. Bu aklawça kärdeşleri tarapyndan berilýän, adam hukuklary ugrundaky dünýäniň iň gadymy we abraýly halkara baýraklarynyň biridir.