Eýranda musulman bolmadyk iň uly toparyň, ýagny Bahaýi jemgyýetiniň ençeme wekiline uzak möhletli türme tussaglygy berildi. Bu eýran häkimiýetleriniň adamlaryň ynanjy bilen bagly amal edýän çäreleriniň soňkularynyň biri boldy.
Bahaýi jemgyýetiniň agzasy, käri boýuna psiholog Keýwan Rahimiýan Erýanyň Yslam Rewolýusiýa sakçylary korpusy tarapyndan dokuz ýyl tussaglyga höküm edildi. Bu barada Rahimiýan bilen ilteşikli Instagram sahypada mälim edilýär.
Maglumatda bellenişi ýaly, Rahimiýana berlen bäş ýyl tussaglyk onuň hamala “Yslamyň mukaddes Şerigat kanunlaryna çapraz gelýän ýa-da onuň ähmiýetini peseldýän hereketleri wagyz etmekde” günäli tapylandygy üçin berlipdir, dört ýyl hem bolsa “toparlanyşyk we dildüwşük” aýyplamasy boýunça berlipdir.
Rahimiýan 2023-nji ýylyň iýulynda tussag edildi, we şondan bäri Eýranyň ady belli Ewin türmesinde saklanylýar.