Eýranda iki žurnalist girew esasynda ‘wagtlaýyn’ boşadyldy

Žurnalistler Niloofar Hamedi (çepde) we Elahah Mohammadi 14-nji ýanwarda Tähranyň Ewin türmesinden çykdylar.

Eýranda 2022-nji ýylda Mahsa Amininiň ölümi barada habar bereni üçin uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen iki žurnalist girew esasynda “wagtlaýyn boşadyldy”. Bu barada ýurduň adalat ulgamy maglumat berdi.

Žurnalistler Niloofar Hamedi we Elahah Mohammadi degişlilikde 13 ýyl we 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdiler. Olar 14-nji ýanwarda Tähranyň Ewin türmesinden çykdylar.

Ýerli medianyň maglumatyna görä, olara ýurtdan çykmak gadagan edilipdir.

Iki žurnalist aýal, olary boşatmak baradaky halkara çagyryşlaryna garamazdan, 17 aýlap tussaglykda saklanyldy.