Eýranda ölümli repressiýalaryň möçberi baradaky habarlar syzýar, hökümet interneti dikeltmegi meýilleşdirýär

19-njy ýanwarda ýurt boýunça geçirilen protestlerden soň Tähranyň köçelerinde gündelik durmuş gaýdyp gelýär, ulaglar ýanan bildiriş tagtasynyň ýanyndan geçýärler.

Eýran şu hepde internet çäklendirmelerini ýatyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy, hökümete garşy protestleriň rehimsiz basylyp ýatyrylmagynyň jikme-jiklikleri ýurduň daşyna ýaýraýar, müňlerçe adamyň ölendigi habar berilýär.

ABŞ-da ýerleşýän HRANA hukuk guramasy 18-nji ýanwara çenli 3919 protestçiniň ölümini tassyklaýandygyny, goşmaça 8949 ölümiň bolsa gözden geçirilýändigini aýtdy.

Toparyň maglumatyna görä, protestleriň dowamynda ýene 2109 adam agyr ýaralanydyr, 24000-den gowrak adam tussag edilipdir, bu soňky ýyllarda yslam respublikasynyň ýolbaşçylaryna garşy iň uly protestleriň biridir.

Tähran bazarlarynda inflýasiýa we milli puluň pese gaçmagyna garşy başlanan protestleriň häkimiýetler tarapyndan basylyp ýatyrylmagy zerarly ölenleriň sany, 2022-nji we 2009-njy ýyllarda häkimiýetler tarapyndan basylyp ýatyrylan öňki protestlerden has ýokary.

"Bu režim ahlak taýdan ähli çäklerden geçdi we bu jenaýat yslam respublikasynyň ýüzünde masgaraçylyk tegmili bolup, müdimilik galar" diýip, Mikael Askari aýtdy. Ol öz maşgalasyndan üç agzasynyň 9-njy ýanwarda Karaj şäherinde awtoulagy howpsuzlyk güýçleriniň okuna tutulyp, öldürlendigini aýtdy. "Olar hakykatdanam tutuş bir maşgalany ýok etdiler."

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

'Kidnapped From Hospitals': An Iranian Doctor Describes Brutal Crackdown

Bu protestler Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasynda döreýän dartgynlylygy hasam tutaşdyrdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Günbatar liderleriniň arasynda Eýranyň režimini rehimsiz basyşlar üçin tankytlamakda öňe saýlandy.

Tramp ilki bilen Eýranyň howpsuzlyk güýçleri protestçileri öldürse, Birleşen Ştatlaryň çäre görmek üçin "herekete taýýardygyny" duýdurdy. Soňra ol Eýranyň protestçileri asyp öldürmek plany baradaky habarlar sebäpli "gaty berk çäre" görjekdigi bilen haýbat atdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Videos Emerge Showing Brutal Tactics Of Iranian Security Forces

Soňra Tramp Eýranyň 800 adama jezany ýatyrandan soň hüjümi saklaýandygyny aýtdy, emma Tähran bu sany tassyklamady we asyp öldürmek jezasynyň hemişelik ýatyrylandygyny aýtmady.

Muňa jogap hökmünde Tähranyň berk liniýaly hökümdarlary duşmançylyk ritorikasyny täzelediler we protestçilere garşy "iň agyr jezalary", şol sanda ölüm jezasyny bermek bilen haýbat atdylar.

Eýranyň hökümdarlarynyň arasynda ortaça garaýyşly diýlip, öň köp adam tarapyndan hasaplanan Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian Ak Tama ýurduň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýä hüjüm edilse, "doly derejeli uruş" döretjekdigini duýdurdy.

Teokratik hökümete garşy çykyşlar 28-nji dekabrda tutaşdy, demonstrasiýaçylar Eýranyň kynçylyk çekýän ykdysadyýetinden nägile bolup, köçelere çykdylar, soňra bu çykyşlar has giň protestlere öwrüldi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Iranians Abroad Continue To Condemn Tehran's Brutal Crackdown

Eýranyň häkimiýetleri ilatyň arasyndaky maglumat akymyny, şeýle hem ýurtdan çykýan maglumatlaryň akymyny çäklendirmek üçin interneti böwetlediler.

"Watchdog Netblocks" 19-njy ýanwarda internete girişiň henizem bloklanandygyny, emma käbir habarlaryň wagtal-wagtal gelip durandygyny habar berdi we munuň "režimiň has güýçli süzgüçlenen Intraneti synagdan geçirýändigini" görkezýändigini ýazdy.

Eýranyň ylym, tehnologiýa we bilim ykdysadyýeti boýunça wise-prezidenti Hossein Afşin 19-njy ýanwarda döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda internetiň "şu hepde kem-kemden adaty işine gaýdyp geljekdigini" aýtdy.