Eýranda uniwersitetiň professory we hökümetiň ýiti tankytçysy Sadegh Zibakalam tussag edildi we oňa garşy birnäçe aýyplama bildirilýär diýip, Eýranyň Adalat ulgamy mälim etdi.
Resmi beýanatda başga goşmaça maglumat berilmeýär.
Media habarlarynda onuň 3,5 ýyl türme tussaglygyny çekjekdigi aýdylýar.
Telegram kanallarynda peýda bolan maglumata görä, 75 ýaşly Zibakalam Tährandaky gurnalan kitap sergisinde, özüniň “Olar seni näme üçin alyp gidenoklar?” diýen täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna barýan pursady tussag edilipdir.
Zibakalam mundan öňem häkimiýetlere garşy propaganda we internetde ýalan maglumatlary ýaýratmak ýaly aýyplamalar esasynda, türme tussaglygyna höküm edilipdi. Oňa Internetde syýasy hereketlere gatnaşmazlyk barada hem gadagançylyk girizilipdi.