Eýranda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan alnyp gidilen edebiýatçy redaktor we aktiwist Hossein Şanbehzadehiň häzir nirededigi belli däl diýip, onuň maşgala agzalary aýdýarlar.
Şanbehzadeh 4-nji iýunda ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Ardabil şäherinde, näbelli aýyplamalar esasynda tussag edilipdi.
Bu Eýranyň aşa berk syýasatyň tarapynda çykyş edýän häkimiýetleriniň adamlaryň özlerini erkin beýan etmek hukuklaryna barha artdyrýan basyşlaryny alamatlandyrýar.
Şanbehzadeh tussag edilmezinden ozal, ýurduň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýiň twitiniň aşagynda, diňe bir nokady goýup, jogap galdyrypdy. Bu post Hameneýiň asyl maglumatyndan has köp ünsi çekdi.
6-nji iýunda Şanbehzadehiň maşgalasy beýanat ýaýradyp, onuň saglyk ýagdaýy, şeýle-de oňa garşy agyr aýyplamalaryň ýöňkelip bilinjekdigi barada alada galýandyklaryny aýtdylar.