Eýranly aýal aktiwist Wasmaghi ýurduň “bikanun” sud diňlenişigine gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Käbir çeşmeleriň maglumatyna görä, saklanandan bäri Sedigheh Wasmaghiniň saglyk ýagdaýy hem göz-görtele gowşapdyr.

Eýranda jemgyýetçilik ýerinde mejbury hijaby dakynmandygy üçin jogapkärçilige çekilen belli alym we aktiwist Sedigheh Wasmaghi, öz üstünden geçmeli sud diňlenişigini “bikanun” atlandyryp, oňa gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

Wasmaghi 16-njy martda öýünde raýat eşikli ofiserler tarapyndan saklandy. Oňa “kiber äleminde sistema garşy propoganda etmek” we “ jemgyýetçilikde Şerigatyň talap edýän hijab baş örtgüsini geýmezlik” aýyplamalary ýöňkeldi.

Wasmaghi ençeme ýyl hijab dakynsa-da, ol häkimiýetleriň hijab we beýleki meseleler bilen bagly aýallara garşy edýän basyşlaryna protest hökmünde baş örtgüsini çykardy we bu barada sosial torlarda ýazgylary ýerleşdirip başlady.

Ol ýurduň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi hem ýiti tankytlap, ony “diktator” atlandyrdy.

Wasmaghi Yslam Rewolýusiýa Sakçylarynyň sudundaky “kazylaryň adalatsyzdygyny”, şeýle-de ýurtdaky ulgamy bikanun hasaplaýandygyny aýdyp, öz üstünden geçmeli sud diňlenişigine gatnaşmajakdygyny nygtady.

Käbir çeşmeleriň maglumatyna görä, saklanandan bäri, ýürek we gan basyşyndan ejir çekýän Wasmaghiniň saglyk ýagdaýy hem göz-görtele gowşapdyr.