Eýranly şepagat uýalary iş, ýaşaýyş şertleriniň ýaramazlaşmagyndan şikaýat edýärler

Şepagat uýalary

Tähranyň Homeýni hassahanasynyň şepagat uýalarynyň bir topary 30-njy iýulda tölenmedik aýlyk haklary we şepagat uýalarynyň aýlyk haklary barada 2007-nji ýylda kabul edilen kanunyň ýerine ýetirilişindäki kemçilikler sebäpli protest bildirdi.

Bu eýranly şepagat uýalarynyň arasynda iş şertleriniň ýaramazlaşmagy sebäpli ýokarlanýan gahar-gazabyň ýene bir alamaty boldy. Şepagat uýalarynyň talaplary şepagat uýalaryna bolan mätäçligiň has artan döwründe ýüze çykýar. Eýranyň şepagat uýalary guramasynyň başlygy Muhammet Mirzabeýgi ýakynda, birnäçe iri hassahananyň açylýandygyna garamazdan, şepagat uýalarynyň ýetmeýändigini aýtdy.

Şepagat uýalarynyň we olaryň wekilleriniň aýtmagyna görä, şepagat uýalarynyň iş wagtyndan artyk işlemegini we alýan girdejilerini düzgünleşdirýän ýörite kanun - Şepagat uýalarynyň nyrh kanuny bar. Ýöne bu kanun häzire çenli durmuşa geçirilmeýär.

"Goragçylar geňeşi tarapyndan tassyklanan we takmynan 15 ýyl ozal mejlis tarapyndan kabul edilen şepagat uýalary kanuny häli-häzire çenli hem durmuşa geçirilmedi" diýip, Maşadyň şepagat uýalary ulgamynyň geňeş başlygy Mohsen Gaçpazan golaýda eden çykyşynda aýtdy.