Eýranyň Daşkentdaki ilçisi Mojtaba Hameneýiniň Moskwadadygy baradaky gürrüňleri ret etdi

Mojtaba Hameneýi

Eýranyň Özbegistandaky ilçisi Mohammad Ali Iskandari ýerli metbugat bilen geçiren duşuşygynda Ýokary lider Aýatolla Mojtaba Hameneýiniň Moskwadadygy baradaky myş-myşlary ret etdi. Onuň sözlerine görä, lider Eýranda we öz işini dowam etdirýär.

"Biziň Ýokary liderimiz diri, sag-gurgun we öz borçlaryny ýerine ýetirýär. Ol halk bilen bile, jemgyýeti dolandyrýar, goşuna ýolbaşçylyk edýär we möhüm syýasy kararlary kabul edýär. Ýokary lideriň ýurduň içindedigini we öňki lideriň syýasatyny dowam etdirýändigini aýdyp bilerin" diýip, Kun.uz ilçiniň sözlerine salgylanyp ýazdy.

Birleşen Ştatlar we Ysraýyl 28-nji fewralda Eýrana garşy bilelikdäki harby operasiýa başlady. Bu hüjümlerde Ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýi, şeýle-de onlarça ýokary derejeli resmi we howpsuzlyk güýçleri öldürildi, ýurduň harby we ýadro desgalaryna zyýan ýetirildi.

Eýran Amerikanyň bazalaryna we Waşingtonyň ýaranlarynyň Pars aýlagyndaky infrastrukturasyna hüjüm edip, bu hüjüme öz jogabyny berdi.

Ali Hameneýiniň ölüminden bir hepde soň, Eýran Yslam Respublikasynyň Bilermenler Assambleýasy onuň berk pozisiýaly ogly Mojtaba Hameneýini ýurduň täze ýokary lideri wezipesine saýlady.

Mojtaba Hameneýiniň jemgyýetçilik öňünde görünmezligi onuň saglygy barada köp sanly myş-myşlaryň döremegine sebäp boldy. Käbir habar beriş serişdeleri täze lideriň 28-nji fewralda Tährana edilen hüjümde ýaralanandygyny we Moskwada bejergi alýandygyny habar berdi.