Eýranyň esasan kürtleriň ýaşaýan Ilam welaýatynda awtobus heläkçiligi protestleriň döremegine sebäp boldy

Eýranyň Ilam welaýatynda bolan awtobus heläkçiligi

17-nji noýabrda Eýranyň günbatarynda, esasan kürtleriň ýaşaýan Ilam welaýatynda ýüzlerçe adam awtobus heläkçiliginde 13 sany nebit we gaz işçisiniň ölmegine garşy protest bildirmek üçin Abdanan şäheriniň köçelerine çykdy.

Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusyna (IRGC) ýakyn bolan "Fars" habar agentligi protestçileriň sanynyň takmynan 1000-e ýetendigini habar berdi. Bu ýanwar aýynda Eýrany gurşap alan köpçülikleýin demonstrasiýalardan bäri geçirilen iň uly protest boldy.

Sosial mediada paýlaşylan wideolarda protestçileriň ilki resmileriň jogapkärçilige çekilmegini talap etmek bilen başlandygyny we soňra Eýranyň ruhany dolandyryş edaralaryna garşy şygarlary gygyrandygyny görse bolýar.

Birnäçe tussag etme wakalary

"Fars" habar agentligi birnäçe wagtdan soň protestçileriň şygarlarynyň "syýasy häsiýete" eýe bolandygyny habar berdi. Şeýle hem, agentlik käbir protestçileriň "jemgyýetçilik emlägine zyýan ýetirmäge" synanyşandygyny hem öňe sürdi.

Awtobus 14-nji noýabr agşamy agdarylanda "NGL Dehloran" nebit we gaz kompaniýasynyň işgärlerini alyp barýardy. Heläkçilikde 13 adam öldi we başga-da 15 adam ýaralandy.

Internetde ýerleşdirilen wideolarda protestçileriň awtobus heläkçiligine, olar tarapyndan, jogapkär hasaplanýan resmileriň işden çekilmegini talap edýändigi görse bolýar. Soňraky wideolarda köpçüligiň "Diktatora ölüm!" diýip gygyrýandygy görkezilýär - bu şygar ýurtda ýokary ruhany lidere gönükdirilip, geçmişde Eýranyň protest hereketlerini birleşdirýän umumy şygara öwrülipdi.

Abdanan şäheriniň prokurory Amrollah Meýsaýi protestçilere häkimiýetleriň berk jogap berjekdigi berjekdigini duýdurdy.

“Bu wakany jemgyýetçilik tertibini bozmak we adamlaryň duýgularyny öjükdirmek üçin ulanmak isleýänlere berk çäre görler” diýip, ol sud ulgamyna degişli “Mizan” habar agentligine beren maglumatynda aýtdy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlary eýýäm birnäçe adamyň tussag edilendigini aýdýarlar.

Kürtleriň meselelerine ünsi çekýän "Hana" adam hukuklary guramasy üç çaganyň kakasy bolan 51 ýaşly Iraj Haýdariniň ýerli ýaşaýjylar bilen ýörite polisiýa bölümleriniň arasyndaky çaknyşyklar mahalynda tussag edilendigini aýtdy.

Şeýle-de, kürtleriň adam hukuklary topary "Hengaw" howpsuzlyk güýçleriniň azyndan ýedi kürt ýaşaýjysyny, şol sanda 15 ýaşly oglany tussag edendigini habar berdi.

Takmynan 24 müň ilatly Abdanan şäheri Eýranda şu ýylyň ýanwar aýynda bolan protestleriň esasy merkezleriniň biri bolupdy. Şonda häkimiýetleriň protestleri basyp ýatyrmak üçin güýç ulanmagy netijesinde ýurt boýunça müňlerçe adam öldürilipdi.

'Ýekeje uçgun bilen partlap biljek'

Fransiýada ýaşaýan syýasy analitik Mojtaba Najafi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy bolan Farda radiosyna beren interwýusynda Abdanandaky ýaly aýry-aýry protestleriň tutuş ýurt boýunça guramaçylykly umumymilli herekete öwrülmeginiň "gaty mümkin däldigine" ynanýandygyny aýtdy. Ol muňa sebäp hökmünde ýurduň de-fakto uruş ýagdaýyny we howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegini görkezdi.

“Uruş ýagdaýynda ýa-da uruş golaý bolan ýagdaýynda hökümet öz garşydaşlaryna garşy has köp güýç ulanýar we repressiýalaryň derejesi hem ýokarlanýar" diýip, ol aýtdy.

Muňa garamazdan, ol jemgyýetçilik nägileliginiň artmagynyň, sosial çäklendirmeleriň we adamlaryň duçar bolýan “kemsitmeleriniň” 2019-njy ýyldaky ýaly köçe protestlerini döredip biljekdigini sözüne goşdy. 2019-njy noýabrynda ýangyç bahalarynyň bir gije birden ýokarlandyrylmagy gaharly raýatlaryň köçä çykyp, protest bildirmegine getiripdi.

Najafi jemgyýetçilik nägileliginiň — mysal üçin, halkara krizisi ýa-da urşuň täzeden başlanmagy ýaly — ýekeje uçgun bilen partlap biljekdigini hem duýdurdy. Şeýle-de, ol häkimiýetler ýagdaýa dogry baha berseler, jemgyýetçilik gaharyny diňe basyp ýatyrmagyň ýerine, ýurduň meselelerini çözmäge synanyşarlar hem diýdi.

"Emma, gynansak-da, Yslam Respublikasynda resmileriň arasynda şeýle çemeleşme ýok - iň bolmanda häzirlikçe ýok" diýip, ol aýtdy.

Häkimiýetler heläkçilik üçin jogapkärçiligi birnäçe tarapa ýüklediler. Ilam welaýat ýol polisiýasynyň başlygy awtobus sürüjisiniň biperwaýlygyny, awtobus kompaniýasynyň awtobus kärende şertnamasynyň şertlerini bozmagyny we ýol abatlaýyş işleriniň kemçiliklerini mysal getirdi.

Prokurorlar "NGL Dehloran" kompaniýasynyň baş direktoryna we welaýat ýol abatlaýyş bölüminiň ýolbaşçysyna garşy aýyplama bildirdiler.

Makala Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy bolan Farda radiosyndan Roýa Malekiniň maglumatlary esasynda taýýarlandy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.