Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa goragçylary korpusy, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy diýip kesgitlenen Hamasyň, Palestina ekstremist toparynyň syýasy lideri Ysmaýyl Haniýeniň Tähranda amala aşyrylan reýdde öldürilendigini aýtdy. EYRGK bu reýdiň geçirilmeginde Ysraýyly aýyplady.
EYRGK 30-njy iýulda, Eýranyň täze prezidenti Masud Pezeşkianyň inagurasiýa dabarasyna gatnaşmak üçin Tähranda bolýan wagtynda öldürilen 62 ýaşly Haniýä garşy edilen hüjümi derňeýändigini aýtdy. Emma bu hüjümiň nähili ýagdaýda amala aşyrylandygy barada hiç bir anyk maglumat bermedi.
Eýran tarapyndan goldanylýan Hamas bu habary 31-nji iýulda, öz telegram kanalyndaky habarynda tassyklady we Haniýeniň "Tährandaky rezidensiýasyna howadan edilen hüjümde" öldürilendigini aýtdy.
Bu habar häzirlikçe Ysraýyl tarapyndan tassyklanmady.
Palestinanyň döwlet habar gullugy WAFA-nyň ýazmagyna görä, Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bu adam öldürilmesini derrew ýazgardy we muny "gorkak hereket we howply ilerleme" diýip atlandyrdy.
Bu hüjümi birnäçe ýurt ýazgardy, Russiýa ony "kabul ederliksiz syýasy kast ediş" diýip atlandyrdy, Türkiýe bolsa munuň Gaza zolagynda Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda barýan söweşi uzaltjakdygyny duýdurdy.
ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin Filippinlerde sapar wagtynda žurnalistlere Haniýeni öldüren zarba barada berlen soraga "Mende size berer ýaly hiç bir goşmaça maglumat ýok" diýip jogap berdi.
Ysraýyl biraz öň, 30-njy iýulda Hizballanyň söweşiji serkerdesi Fuad Şukry "ýok edendigini" aýtdy. Ysraýyl onuň hepde aýagynda Beýrutda öldürilen 12 sany ýaş ysraýylla edilen raketa hüjüminiň arkasynda durandygyny öňe sürdi.
Ysraýylyň Goranmak güýçleri (IDF) X sosial ulgamynda ýerleşdiren ýazgysynda Şukryň Hizballanyň gurnan hüjümlerine "ýolbaşçylyk edendigini" aýtdy.
Hizballa bu aýdylýanlara bada-bat jogap bermedi.
Şukr 1983-nji ýylda Beýrutda ABŞ goşunlaryna edilen hüjüme gatnaşandygy üçin diýlip, ABŞ häkimiýetleri tarapyndan gözlenip ýördi. Waşington al-Haj Mohsin ady bilen hem tanalýan we ABŞ-nyň terrorçylyk sanawynda durýan Şukr barada maglumat almak üçin 5 milliona dollara çenli sylag teklip edipdi.
Ysraýylyň nyşanalaryna edilýän hüjümleri özüniň amala aşyrandygyny öňe sürmekden seýrek gaça durýan Hizballa 27-nji iýulda Ysraýylyň basyp alan Golan belentligine edilen hüjüme jogapkärdigini inkär etdi, emma Ysraýyl Eýran tarapyndan goldanýan topardan ar almagy wada berdi.
Ysraýyl 7-nji oktýabrda Ysraýylyň içine edilen we 1200 adamyň ölmegine sebäp bolan hüjüm sebäpli Hamasyň ýolbaşçylaryny öldürmek wadasyny berdi. Bu hüjüm wagtynda 250 töweregi adam zamun alyndy, ýöne olaryň käbiri soň boşadyldy.
Zamun alnanlaryň käbiri Gazada saklanylýan wagtynda, Ysraýylyň Hamasy ýok etmek üçin geçirýändigini aýdýan köpçülikleýin harby operasiýalary mahalynda ýogaldy. Zamun alnanlaryň käbiri henizem diridir öýdülýär.
Haniye Hamasyň edýän hereketlerine onlarça ýyl gatnaşyp, 2017-nji ýylda onuň syýasy başlygy boldy. Ol 2019-njy ýylda Katara bosgunlyga çykýança Gaza zolagynda ýaşady.
Ol Gazada Ysraýyl bilen barýan söweş wagtynda, bu konflikt boýunça Ýakyn Gündogardaky ýurtlaryň arasynda geçirilýän halkara gepleşiklere, şol sanda Hamas tarapyndan saklanylýan zamunlaryň boşadylmagyna gatnaşmak bilen, iň görnükli liderleriň biri hökmünde orta çykdy.