Eýranyň häkimiýetleri ýurtda başlanan saýlawlary boýkot etmäge çagyrýanlara basyş edýär

Ses berişlik resmileriň närazylara garşy basyşyny güýçlendirýän döwründe bolup geçýär.

1-nji martda Eýranyň Mejlisine we täsirli Bilermenler Geňeşine saýlawlar geçirilip, oňa ses berijileriň parhsyz gatnaşmagyna garaşylar. Mundan başga-da, bu häkimiýetleriň ses berişligi boýkot etmäge çagyrýanlara basyş etmeginiň arasynda geçirilýär.

Bu 2022-nji ýylda ahlak polisiýanyň tussaglygynda Mahsa Amininiň ölüminden soň, tutuş ýurt boýunça tutaşan protestlerden soňra geçirilýän ilkinji saýlawlardyr. Ses berişlik ýurtdaky barha ýitileşýän ykdysady kynçylyklaryň, şeýle-de resmileriň närazylara garşy basyşyny güýçlendirýän döwründe bolup geçýär.

Eýranlylaryň köpüsi bu saýlawlary “manysyz” atlandyryp, olara gatnaşmak meýilleriniň ýokdugyny aýdýarlar. Ses berişligiň netijeleri boýunça ýurduň başyndaky aşa berk syýasaty ýöredýänleriň häkimiýeti öz ellerinde hasam köp jemlemegine garaşylýar.

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameýeni Tähranda ilkinjileriň biri bolup ses berdi we raýatlary boldugyndan ir we has köp sanda ses bermäge gelmäge çagyrdy. Ol bu saýlawlary Eýranyň hem dostlarynyň, hem-de duşmanlarynyň yzarlaýandygyny-da duýdurdy.

Eýranyň 85 million ilatynyň 61 millionynyň ses bermäge hukugy bar. Saýlawlarda 290 orunlyk Mejlise we täsirli Bilermenler Geňeşine umumy hasapda 15 müň kandidat dalaş edýär.

Belli şahslar, şol sanda Parahatçylyk boýunça Nobel baýranynyň laureaty Narges Mohammadi saýlawlary galp we netijeleri öňünden kesgitlenen hökmünde häsiýetlendirip, ses berişligi boýkot etmäge açyk çagyrdylar.