Eýranyň howpsuzlyk gulluklary Fardaýe Eghtesad media neşiriniň edarasynda reýd geçirip, onuň žurnalistlerini ençeme sagatlap iş ýerinde sakladylar. Bu ýurtdaky azat söze garşy edilýän basyşlaryň dowam etdirilýändigine yşarat boldy.
Žurnalistleriň ýakynlary neşiriň edarasynyň golaýyndaky Tähranyň Argentina meýdançasynda ýygnanyp, ykdysady meseleler barada habar berýän neşirde näme sebäpden reýdiň geçirilendigine jogap aljak boldular.
Žurnalistler bilen 5-nji fewral öýländen bäri habarlaşyp bolmaýar.
Binanyň içinde daşary goýberilmän saklanýan şahslaryň anyk sany, şeýle-de bu reýdi takyk haýsy howpsuzlyk edarasynyň amal edendigi belli däl.
Bu çäre başlanaly bäri, neşiriň sosial torlardaky hasaplary hem elýetersiz boldy.