Eýranyň prezidenti Pakistanyň premýer-ministri bilen duşuşdy

Eýranyň prezidenti ebrahim Raisi (sagda) Pakistanyň premýer-ministri Şehbaz Şarif bilen Yslamabatda duşuşýar

Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi, Pakistan bilen Eýran arsynda fewral aýynda bolup geçen serhetüsti zarbalardan soň, 22-nji aprelde ilkinji gezek Pakistanyň premýer-ministri Şehbaz Şarif bilen gepleşikleri geçirdi.

Raisiniň Pakistan saparynyň dowamynda sekiz hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekiler.

Şeýle-de, taraplar iki ýurduň arasynda köpden bäri saklanyp galýan milliardlarça dollarlyk gaz geçiriji taslamasyny ara alyp maslahatlaşarlar. ABŞ bu taslamanyň Eýrana garşy girizilen sanksiýalara gabat gelmeýändigini aýdyp, oňa garşy çykýar.