Eýranyň täze ýokary lideri ilkinji beýanatyny etdi

Mojtaba Hameneýi


Eýranyň täze ýokary lideri Mojtaba Hameneýi bu wezipä saýlanaly bäri ilkinji beýanaty bilen çykyş etdi. Onuň beýanaty döwlet telewideniýesinde okaldy.

Hameneýi çykyşynda dünýäde nebit üpjünçiliginiň bäşden bir böleginiň geçýän ýoly bolan Hormuz bogazynyň ýapyk galmalydygyny, oňa "basyş guraly" hökmünde seredilmelidigini aýtdy.

Şeýle-de, ol Tähranyň öz goňşulary bilen dostlukly gatnaşyklarda bolmaga çalyşýandygyny nygtady. Şol bir wagtda, ol eýran güýçleriniň diňe bu ýurtlarda ýerleşýän amerikan harby bazalaryna hüjüm edýändigini öňe sürdi. Hameneýi ABŞ-nyň sebitdäki ähli bazalaryny ýapmalydygyny, ýogsa olaryň hüjüm üçin nyşana öwrülip biljekdigini hem sözüne goşdy.

Mojtaba Hameneýi ýokary lider wezipesine bellenilendigi yglan edileninden soň birnäçe günläp köpçülige görünmedi. Öň metbugatda onuň kakasy Aýatolla Ali Hameneýiň ölümine sebäp bolan ABŞ we Ysraýyl zarbalarynda ýaralanan bolmagynyň mümkindigi aýdydy. CNN-iň maglumatyna görä, bombalamalaryň ilkinji gününde Mojtaba Hameneýiň aýagy döwüldi, beýleki ýeňil şikesleri aldy.

Hormuz bogazynyň doly ýapylmagy eýýäm global energiýa bazaryna täsir etdi. Pars aýlagy ýurtlaryndaky esasy önüm öndürijiler nebit önümçiligini azaltdylar, energiýa bahalary ýokarlandy: dördünji gün irden, 12-nji martda Brent çig nebitiniň bahasy ýene gymmatlap, bir barrel nebitiň bahasy 100 dollardan geçdi.

ABŞ we Ysraýyl 28-nji fewraldan bäri Eýranyň territoriýasyna zarba urýar. Muňa jogap hökmünde, Tähran Ysraýyla we ABŞ-nyň Pars aýlagyndaky harby bazalaryna hüjüm etdi.