Eýranda 2022-nji ýylda tutuş ýurt boýunça geçirilen protestleriň dowamynda saklanan dissident repper Saman Ýasin, Eýranyň Adalat ulgamyna ýüzlenip, sudsuz tussaglykda müdimilik saklanmagyň deregine, özüne “ölüm jezasynyň berilmegini” sorady. Ol türmede wagty dowamly fiziki we mental gynamalara sezewar edilendigi barada maglumatlary beripdi.
Ýasini, anyk takyklaşdyrylmadyk aýyplamalar esasynda, Karajyň Hesar türmesinde 18 aý saklamak barada höküm çykaryldy.
Ýasiniň Instagram hasabynda ýerleşdirilen maglumatda, ol “adalat ulgamynyň resmileriniň özi babatyndaky bu derejedäki gahar-gazaba, kemsitmelere we gynamalara düşünmeýändigini” belledi.
“Haýyş, maňa eden jenaýatymy bir düşündiriň?” diýip, ol ýazgysynda ýüzlendi.
“Men sizden meni jezalandyryp öldürmegiňizi soraýaryn. Men mundan beýläk türme sütemlerine, şeýle-de ne meniň, ne-de özüňiziň bilýän aýyplamalaryňyz esasynda, nämälimlikde saklanmaga nädip döz gelip biljekdigimi bilmeýärin. Gaýrat ediňde, maňa ölüm hökümini çykaryň. Meniň muňa garşylygym ýok. Men muny öz elim bilen ýazyp, haýyş edýärin... Janymy alyp, dynyň artyk” diýip, ol sözüne goşdy.
Eýranyň adalat ulgamy bilen ilteşikli mediasy Ýasiniň “Hudaýa garşy urşy yglan etmekde” günäli tapylandygyny ýazdy. Bu aýyplama esasynda Tähranyň Rewolýusiýa kazyýeti ölüm jezasyny berip bilýär.
Emma Ýokary sud Ýasisiniň şikaýat arzasyny kabul etdi, we işi yzyna ýollady. Täze sud diňlenişigi indi geçmeli.