Eýranyň ýangyç guýujy stansiýalarynyň 70% töwereginde bökdençlikler ýüze çykdy diýip, Eýranyň nebit ministri Jawad Owji 18-nji dekabrda döwlet telewideniýesinde mälim etdi. Ol bu ýagdaýlara daşardan gatyşylan bolmagyň mümkindigini hem aýtdy.
“Ýurduň çägindäki käbir ýangyç stansiýalarynda programma üpjünçiligindäki nogsanlyklar anyklandy, bilermenler häzir olary düzedýärler” diýip, Eýranyň ýangyç stansiýalary birleşmesiniň metbugat wekili Reza Nawar aýtdy.
Döwlet media serişdeleri kiber-hüjüm ähtimallyklaryny hem aradan aýyrmaýarlar.