FT: ABŞ Ukrainanyň howpsuzlygyny diňe Donbasdan ýüz öwren halatynda kepillendirer

Ukrain esgerleri

ABŞ administrasiýasy Kiýewe howpsuzlyk kepillikleriniň berilmeginiň Ukrainanyň Donbasyň Orsýete berilmegine getirjek parahatçylyk ylalaşygyna razy bolmak şerti bilen baglanyşykly bolup biljekdigini duýdurdy.

“Financial Times” gazeti bu habary gepleşiklerden habarly sekiz çeşmä salgylanyp çap etdi. Olaryň sözlerine görä, ukrain goşunlary Kiýewiň gözegçiligindäki ýerlerden çekilen ýagdaýynda, Waşington parahatçylyk döwründe Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň ýarag üpjünçiligini köpeltmäge taýýar bolup biljekdigini aýtdy.

Şol bir wagtda, neşiriň bellemegine görä, ABŞ-nyň öz üstüne ol ýa-da beýleki resmi borçnamalary alyp-almajakdygy aýdyň bolman galýar.

Ukrainanyň ýokary derejeli resmisi ABŞ-nyň "howpsuzlyk kepilliklerine gol çekilip bilinjek halatynda her gezek saklanýandygyny" aýtdy.

Ak Tam bu aýdylýanlary ret etdi. "Bu düýbünden ýalňyş. Birleşen Ştatlaryň parahatçylyk prosesindäki ýeke-täk roly iki tarapy, yalalşyk baglaşmaklary üçin, bir ýere getirmekden ybarat. "Financial Times" gazetiniň betpygyl oýunçylaryň anonim ýalan sözlemegine rugsat bermegi gynandyryjy" diýip, Ak Tamyň metbugat sekretarynyň orunbasary Anna Kelli aýtdy.

ABŞ-nyň pozisiýasy bilen tanyş çeşmeleriň biri Waşingtonyň "Ukrainanyň boýnuna haýsydyr bir territoriýa eglişigini dakmaga synanyşmaýandygyny" nygtaýar.