G20 agzalary Hindistan sammitine toplanýar

Dünýäniň 20 ýurdundan durýan toparyň ýolbaşçylary, Ukrainadaky uruş baradaky dürli gaýraýyşlar we sammiti netijeli geçirmek üçin zerur bolan ylalaşyk üstünde barýan çekişmeleriň arasynda, özleriniň ýyllyk sammitine gatnaşmak üçin Nýu-Deli şäherine gelip başladylar.

Hindi paýtagtynyň köçelerindäki harabalar aýryldy, maýmynlar we eýesiz itler kowuldy.

Şeýle-de, iki günlük sammitiň kadaly geçmegini üpjün etmek üçin görlen howpsuzlyk çäreleriniň çäginde kärhanalar, ofisler we mekdepler ýapyldy.

Ýöne bu ýygnanyşyk Russiýanyň urşy, azyk howpsuzlygy, bergi-borç kynçylyklary, howa özgermesindäki hyzmatdaşlyk ýaly düýpli meseleler boýunça has çuň bölünişikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.